Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebi

Image description

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda ýaş nesil baradaky alada döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Arkadagly Serdarymyzyň: “Ylymly ýaşlara eýe bolan döwlet beýik döwletdir. Ýaşlary ylymly bolan döwletiň sütünleri berkarar, güýji mizemezdir” diýen parasatly sözleri ylymly-bilimli ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmekde bilim edaralary üçin  ýol-ýörelgedir.  Ýurdumyzda alnyp barylýan bilim syýasatyna laýyklykda, häziki zaman talaplaryny ödeýän döwrebap bilim edaralary gurlup ulanylmaga berilýär. 

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2023-nji ýylyň 17-nji fewralynda çykaran 442-nji Karary bilen döredilen Mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebine Türkmenistanyň Mejlisiniň  2023-nji ýylyň 18-nji martynda çykaran 546-VI belgili Karary esasynda zähmetsöýer, zehinli mugallym, ilhalar ynsan Berdimuhamet Annaýewiň ady dakyldy we ol  Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebi diýlip atlandyryldy. 

Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň birinji gatynda muzeý bar. Muzeý Hormatly Prezidentimiziň nesil daragty, Berdimuhamet Annaýewiň manyly ömri we XX asyryň 20–30-njy ýyllarynda ylym-bilimiň ösüşi bilen tanyş bolmaga mümkinçilik berýär. Binanyň bu gatynda lingafon, kompýuter, internet otaglary, arhiw, aýdym-saz, zähmet okuw otaglary, lukman otagy, mugallymlar otagy, matematika, mekdebe çenli pedagogika we psihologiýa degişli usuly birleşmeleriň otagy; binanyň 2-nji gatynda lingafon, kompýuter otagy, kitaphana, üsti ýapyk sport zaly, şekillendiriş sungaty, taryh, türkmen dili we edebiýaty otaglary we olara degişli usuly birleşmeleriň otaglary; 3-nji gatynda bolsa, okuw otaglary bilen birlikde, mekdebiň direktorynyň, onuň orunbasarynyň iş otagy, okuw bölüminiň, hünärmenleriň, hasaphana bölüminiň, jemgyýetçilik guramalarynyň iş otaglary we 162 adama niýetlenen mejlisler zaly bar. 

Talyplaryň robototehnologiýa has içgin aralaşmagy üçin STEM (Science, Technology, Engineering, Mathematics, ýagny Ylym, Tehnologiýa, Inženeriýa we Matematika)  tejribe otagy göz öňünde tutulan. STEM tejribe otagy talyplara dersleri biri-biri bilen baglanyşykly öwretmäge niýetlenen.

Mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebinde matematika, informatika, geografiýa, rus dili, iňlis dili derslerini 5-nji we 6-njy synplarda okatmaga hukugy bolan başlangyç synp mugallymlary, şeýle-de, çagalar baglarynda iňlis dilini okatmaga hukugy bolan terbiýeçiler taýýarlanylýar. 

Mundan başga-da, Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebinde lingafon, internet, kompýuter otaglary internet ulgamyna birikdirilen häzirki zaman kompýuterleri bilen üpjün edilen.  

Mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebinde 112 sany talyp üçin niýetlenen, ähli amatly şertler döredilen iki sany 3 gatly umumy ýaşaýyş jaýy bar. Bu ýerde talyplaryň medeniýetli dynç almagy, okuw sapaklaryna taýýarlyk görmegi, zerur maglumatlar bilen tanyş bolmagy, degişli otaglarda internet ulgamyndan peýdalanmagy üçin ähli mümkinçilikler göz öňünde tutulan. Munuň özi talyplaryň kämil, ruhubelent şahsyýetler bolup ýetişmegine ýardam berer. 

Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekebinde talyplaryň sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmagy üçin ähli amatly şertler döredilendir. Sport meýdançalary futbol, woleýbol, basketbol we sportuň beýleki görnüşleri bilen meşgullanmaga giň mümkinçilikleri özünde jemleýär. 

Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebinde döredilen şertler we mümkinçilikler ýaşlara saýlap alan hünärleri boýunça döwrebap bilim almaga, bilim-terbiýe berýän mugallymlara bolsa tutanýerli zähmet çekmäge badalga berýär.   

Biziň salgymyz: Arkadag şäheriniň Gorjaw etrabynyň Arkadag şaýolunyň 36-njy jaýy. Tel.: 57-20-01

Maglumatlar şu salgydan alyndy: Berdimuhamet Annaýew adyndaky …