Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebinde hünärmenleri taýýarlamagyň hilini kämilleşdirmek, mugallymlaryň hünär ussatlygyny ýokarlandyrmak, okuw işiniň ylmy esasynda guralyşyny işläp düzmek maksady bilen ylmy-usulyýet işleri alnyp barylýar. Häzirki wagtda orta hünar okuw mekdebinde dört sany okuw-usuly birleşme hereket edýär.
Daşary ýurt diller okuw-usuly birleşmesiniň esasy wezipesi talyplary özbaşdak döredijilik işine çekmekden, dersler boýunça maglumatlary özleşdirmekde adaty däl çözgütleri gözläp tapmakdan, pedagogik işgärleriň hünär ussatlyklaryny ýokarlandyrmakdan, okuw-terbiýeçilik işine innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly täsirli ulgamyny döretmekden ybaratdyr. Okuw-usuly birleşmesiniň düzüminde 7 sany ýaş öwreniji we tejribeli mugallymlar bolup, olar talyp ýaşlara döwrebap bilim bermek boýunça okuw işinde döwrebap tehnologiýalary ulanmak bilen birlikde, okuw gollanmalaryny, ylmy makalalaryny yzygiderli taýýarlaýarlar. Orta hünär okuw mekdebimiziň talyp ýaşlary daşary ýurt dillerini okatmak üçin niýetlenen, kämil kompýuter tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylan lingafon okuw otaglarynda geçýän okuwlaryny has içgin gyzyklanma bilen öwrenýärler. Bu bolsa Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaşlaryň daşary ýurt dillerini kämil derejede özleşdirmekleri üçin berýän goldawynyň hem-de “Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasynyň” üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Ynsanperwerlik we durmuş-ykdysady dersleri boýunça okuw-usuly birleşmesinde talyplara ähli dersleri kämil derejede öwretmek sapakdan daşary geçirilýän işler bilen utgaşdyrylýar. Bu ugurda edebiýat agşamlar, diller boýunça hepdelikler, diktant bäsleşikler, çeper okaýyşlar ýygy-ýygydan geçirilýär. Bulardan başga-da okuw-usuly birleşmesi boýunça talyplaryň hünär başarnyklaryny artdyrmak maksady bilen “Dil bilen dünýäni gezer” atly gurnak hereket edýär. Okuw-usuly birleşmesiniň mugallymlary sapaklardan boş wagtlary medeni-köpçülik çärelerine işjeň gatnaşmak bilen ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan alnyp barylýan beýik özgertmeleri ýaş nesilleriň arasynda wagyz edýärler.