Iňlis dili we edebiýaty okuw-usuly birleşmesi

Image description

Iňlis dili we edebiýaty okuw-usuly birleşmesiniň esasy wezipesi talyplary özbaşdak döredijilik işine çekmekden, dersler boýunça maglumatlary özleşdirmekde adaty däl çözgütleri gözläp tapmakdan, pedagogik işgärleriň hünär ussatlyklaryny ýokarlandyrmakdan, okuw-terbiýeçilik işine innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly täsirli ulgamyny döretmekden ybaratdyr. Okuw-usuly birleşmesiniň düzüminde 2 sany ýaş öwreniji we halypa mugallymlar bolup, olar talyp ýaşlara döwrebap bilim bermek boýunça okuw işinde döwrebap tehnologiýalary ulanmak bilen birlikde, okuw gollanmalaryny, ylmy makalalaryny yzygiderli taýýarlaýarlar.

Mekdebimizde daşary ýurt dillerini kämil özleşdirmek we olarda netijeli zähmet çekmek üçin lingafon otaglary bar, olar döwrebap Linka programma üpjünçiligibilen enjamlaşdyrylan.

Bu bolsa Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaşlaryň bilimleri kämil derejede özleşdirmekleri üçin berýän goldawynyň hem-de daşary ýurt dillerini öwrenmegi kämilleşdirmekde geçiriilýän işleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Iňlis dili we edebiýaty okuw-usuly birleşmesinde  dersleri kämil derejede öwretmek sapakdan daşary geçirilýän işler bilen utgaşdyrylýar. Bu ugurda agşamlar, hepdelikler, bäsleşikler ýygy-ýygydan geçirilýär. Hepdeliklerde göreldeli sapaklar we sapakdan daşary çäreler guralýar. Bulardan başga-da okuw-usuly birleşmesi boýunça talyplaryň hünär başarnyklaryny artdyrmak maksady bilen “Dil öwrenmek-dünýä syýahat etmek” atly gurnak hereket edýär. Okuw-usuly birleşmesiniň mugallymlary sapaklardan boş wagtlary medeni-köpçülik çärelerine işjeň gatnaşmak bilen ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan alnyp barylýan beýik özgertmeleri ýaş nesilleriň arasynda wagyz edýärler.