Matematika we informatika okuw-usuly birleşmesi

Image description

Matematika we informatika okuw-usuly birleşmesiniň esasy wezipesi talyplary özbaşdak döredijilik işine çekmekden, dersler boýunça maglumatlary özleşdirmekde adaty däl çözgütleri gözläp tapmakdan, pedagogik işgärleriň hünär ussatlyklaryny ýokarlandyrmakdan, okuw-terbiýeçilik işine innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly täsirli ulgamyny döretmekden ybaratdyr. Okuw-usuly birleşmesiniň düzüminde 2 sany ýaş öwreniji we tejribeli mugallymlar bolup, olar talyp ýaşlara döwrebap bilim bermek boýunça okuw işinde döwrebap tehnologiýalary ulanmak bilen birlikde, okuw gollanmalaryny, ylmy makalalaryny yzygiderli taýýarlaýarlar. Orta hünär okuw mekdebimiziň talyp ýaşlary tebigy we takyk dersleri okatmak üçin niýetlenen, kämil kompýuter tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylan STEM okuw otaglarynda geçýän okuwlaryny has içgin gyzyklanma bilen öwrenýärler. Bu bolsa Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaşlaryň bilimleri kämil derejede özleşdirmekleri üçin berýän goldawynyň hem-de “Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasynyň” üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Matematika we informatika okuw-usuly birleşmesinde  dersleri kämil derejede öwretmek sapakdan daşary geçirilýän işler bilen utgaşdyrylýar. Bu ugurda matematiki agşamlar, hepdelikler, bäsleşikler ýygy-ýygydan geçirilýär. Hepdeliklerde göreldeli sapaklar we sapakdan daşary çäreler guralýar. Bulardan başga-da okuw-usuly birleşmesi boýunça talyplaryň hünär başarnyklaryny artdyrmak maksady bilen “Syrly dünýäniň açary” atly gurnak hereket edýär. Okuw-usuly birleşmesiniň mugallymlary sapaklardan boş wagtlary medeni-köpçülik çärelerine işjeň gatnaşmak bilen ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan alnyp barylýan beýik özgertmeleri ýaş nesilleriň arasynda wagyz edýärler.