Pedagogika, psihologiýa, türkmen dili we edebiýaty, mekdep hem-de mekdebe çenli mugallymçylyk okuw-usuly birleşmesi

Image description

Talyplara döwrüň talaplaryna laýyklykda, pedagogika dersinde okatmagyň we terbiýe bermegiň döwrebap usullary, pedagogikanyň bölümleri, mugallymyň jemgyýetdäki orny , mekdebe çenli pedagogika dersinde talyplara esasy pedagogik düşünjeler, terbiýe, onuň maksady we wezipeleri barada düşünje berilýär. Psihologiýa dersinde talyplara adamlaryň psihiki, aňyýet işleriniň kanunalaýyklyklary, mekdebe çenli psihologiýa dersinde talyplara çaganyň ýaş aýratynlyklaryna görä psihologik ösüşi öwredilýär. Türkmen dili dersinden sözleýiş seslerimiz, olaryň emele gelýän orny, türkmen diliniň gadymylygy, olaryň dürli şiwelerde ulanylyşy, diliň sözlük düzümi (leksikasy), söz toparlary, olara mahsus goşulmalar, söz  düzümleri we sözlemler, olaryň görnüşleri, umuman, dil biliminiň fonetika, leksika, morfologiýa, sintaksis bölümleri giňişleýin öwredilýär.   Türkmen edebiýaty dersinde türkmen edebiýatynyň taryhynda yz galdyran beýik şahsyýetleriň ömri we döredijiligi, olaryň eserleri giňişleýin öwredilýär. Dil bilimine giriş dersiniň üsti bilen talyplara diliň döreýşi, ösüşi barada öwredilýär. Başlangyç synplarda türkmen dilini okatmagyň usulyýeti dersinde talyplara başlangyç synplarda türkmen dilini okatmagyň usullary öwredilýär. Mekdebe çenli ýaşly çagalaryň sözleýiş dilini ösdürmegiň usulyýeti dersinde talyplara çagalar baglarynda çagalaryň sözleýiş dilini ösdürmegiň usullary giňişleýin öwredilýär. Dürs ýazuw dersinde talyplara harplaryň kalligrafiýanyň düzgünlerine laýyk ýazylyşy öwredilýär. Häzirki wagtda talyplary  giň  dünýägaraýyşly, ösen medeniýetli, hünärli, kämil şahsyýet edip ýetişdirmek usuly birleşmäniň mugallymlarynyň esasy wezipeleriniň biridir.

Okuw-usuly birleşmesiniň düzüminde 5 sany ýaş öwreniji we 2 sany tejribeli mugallymlar bolup, olar talyp ýaşlara döwrebap bilim bermek boýunça okuw işinde döwrebap tehnologiýalary ulanmak bilen birlikde, okuw gollanmalaryny, ylmy makalalaryny yzygiderli taýýarlaýarlar. Hepdeliklerde göreldeli sapaklar we sapakdan daşary çäreler guralýar. Bulardan başga-da okuw-usuly birleşmesi boýunça talyplaryň bilimlerini, başarnyklaryny artdyrmak hem-de çeper edebiýata söýgüsini has-da artdyrmak maksady bilen “Ýaş edebiýatçy” atly gurnak hereket edýär. Okuw-usuly birleşmesiniň mugallymlary sapaklardan boş wagtlary medeni-köpçülik çärelerine işjeň gatnaşmak bilen ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan alnyp barylýan beýik özgertmeleri ýaş nesilleriň arasynda wagyz etmekde mynasyp işleri alyp barýarlar.