Rus dili we edebiýaty okuw-usuly birleşmesi

Image description

Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebinde hünärmenleri taýýarlamagyň hilini kämilleşdirmek, ýaş mugallymlaryň hünär ussatlygyny ýokarlandyrmak, okuw işiniň ylmy esasynda guralyşyny işläp düzmek maksady bilen       ylmy-usulyýet işleri alnyp barylýar. Häzirki wagtda orta hünär okuw mekdebimizde 6 -sany okuw-usuly birleşme hereket edýär.

              Rus dili we  edebiýaty okuw-usuly birleşmesiniň esasy wezipesi talyplary daşary ýurt dillerini özleşdirmek, özbaşdak döredijilik işlerine çekmek, özbaşdak çözgütleri tapmak, pedagogik işgärleriň hünär ussatlyklaryny ýokarlandyrmak, okuw-terbiýeçilik işine innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly döwrebap täsirli ulgamyny döretmekden ybaratdyr. Okuw-usuly birleşmede 5 sany mugallymlar bolup, olar talyp ýaşlara döwrebap bilim bermek boýunça okuw işinde täze tehnologiýalary ulanmak bilen birlikde, okuw gollanmalar, prezentasiýalar, maglumatlar, ylmy makalalar yzygiderli taýýarlanylýar. Orta hünär okuw mekdebimizde daşary ýurt dillerini öwretmek maksady üçin ýörite niýetlenen, kompýuter tehnologiýalary  bilen enjamlaşdyrylan lingafon okuw otaglarynda geçýän okuwlaryny has-da içgin gyzyklanma esasynda öwredilýär. Bu bolsa Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaşlaryň daşary ýurt dillerini kämil derejede özleşdirmekleri üçin berýän goldawynyň hem-de “Türkmenistanda daşary ýurt dillerini kämilleşdirmegiň Konsepsiýasynyň” üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň  aýdyň subutnamasydyr. Okuw-usuly birleşmede talyplara ähli dersleri kämil derejede öwretmek, bilim bermek, sapakdan daşary geçirilýän işler bilen utgaşdyrylýar. Bu ugurda edebiýat agşamlar, diller boýunça hepdelikler, diktant bäsleşikler, çeper okaýyşlar ýygy-ýygydan geçirilýär. Bulardan başgada  okuw-usuly birleşmesinde talyplaryň hünär başarnyklaryny artdyrmak maksady bilen  “Мир русского языка” atly gurnak hem orta hünär okuw mekdebimizde hereket edýär.