Ýurdumyzyň geljegi bolan ýaş nesle mynasyp bilim we terbiýe bermekde hünärine ökde terbiýeçileri, mugallymlary taýýarlamakda, Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň taryh, geografiýa we jemgyýetçilik ylymlary usuly birleşmesiniň mugallymlary hem mynasyp goşandyny goşýarlar. Talyplara döwrüň talaplaryna laýyklykda taryh dersinden geçmişimizden şu günimize çenli bolup geçen taryhy wakalar, gadymy türkmen topragynda döredilen döwletler we olaryň alyp baran syýasatlary, tebigaty öwreniş we geografiýa derslerinden tebigat, onuň gözelligi, tebigatdaky bolup geçýän hadysalar, tebigat bilen adamyň baglanyşygy barada bilim bermegi, daşky gurşawy goramak, ekologiýanyň abatlygynyň adamzat üçin ähmiýeti barada esasy düşünjeleri bermek, ýurdumyzyň dünýä döwletleri bilen halkara gatnaşyklaryny we dünýäniň syýasy kartasynda tutýan ornuny, çagalaryň irki ösüşini we mekdebe taýýarlygyny dogry guramagyň aýratynlyklaryny, häzirkizamanyň ösen tehnologiýalarynyň üsti bilen giňişleýin we düşnükli dilde, kämil derejede talyplara bilim berilýär. Jemgyýeti öwreniş ylymlaryny okatmagyň üsti bilen Baş Kanunymyz bolan Konstitusiýanyň mazmuny, ýurdumyzyň içki dolandyryş edaralary we olaryň alyp barýan işleri, Türkmenistanyň häzirki günlerde alyp barýan içerki we daşarky syýasaty barada berilýän bilimiň üsti bilen talyplary syýasy dünýägaraýyşly, ösen medeniýetli, hünärli , kämil şahsyýet edip ýetişdirmek usuly birleşmäniň mugallymlarynyň esasy wezipeleriniň biridir.
Okuw-usuly birleşmesiniň düzüminde 3 sany ýaş öwreniji we tejribeli mugallymlar bolup, olar talyp ýaşlara döwrebap bilim bermek boýunça okuw işinde döwrebap tehnologiýalary ulanmak bilen birlikde, okuw gollanmalaryny, ylmy makalalaryny yzygiderli taýýarlaýarlar. Hepdeliklerde göreldeli sapaklar we sapakdan daşary çäreler guralýar. Bulardan başga-da okuw-usuly birleşmesi boýunça talyplaryň hünär başarnyklaryny artdyrmak maksady bilen “Tebigaty söýüjiler” atly gurnak hereket edýär. Okuw-usuly birleşmesiniň mugallymlary sapaklardan boş wagtlary medeni-köpçülik çärelerine işjeň gatnaşmak bilen ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan alnyp barylýan beýik özgertmeleri ýaş nesilleriň arasynda wagyz etmekde mynasyp işleri alyp barýarlar.