Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünar okuw mekdebinde hünärmenleri taýýarlamagyň hilini kämilleşdirmek, mugallymlaryň hünär ussatlygyny ýokarlandyrmak, okuw işiniň ylmy esasynda guralyşyny işläp düzmek maksady bilen ylmy-usulyyet işleri alnyp barylýar. Häzirki wagtda orta hünar okuw mekdebinde dört sany okuw-usuly birleşme hereket edýär.
Türkmen dili, taryh, geografiýa, psihologiýa, mekdep hem-de mekdebe çenli mugallymçylyk okuw-usuly birleşmesiniň esasy wezipesi talyplary özbaşdak döredijilik işine çekmekden, dersler boýunça maglumatlary özleşdirmekde adaty däl çözgütleri gözläp tapmakdan, pedagogik işgärleriň hünär ussatlyklaryny ýokarlandyrmakdan, okuw-terbiýeçilik işine innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly täsirli ulgamyny döretmekden ybaratdyr. Okuw-usuly birleşmesiniň düzüminde 5 sany ýaş öwreniji we tejribeli mugallymlar bolup, olar talyp ýaşlara döwrebap bilim bermek boýunça okuw işinde döwrebap tehnologiýalary ulanmak bilen birlikde, okuw gollanmalaryny, ylmy makalalaryny yzygiderli taýýarlaýarlar. Orta hünär okuw mekdebimiziň talyp ýaşlary tebigy we takyk dersleri okatmak üçin niýetlenen, kämil kompýuter tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylan STEM okuw otaglarynda geçýän okuwlaryny has içgin gyzyklanma bilen öwrenýärler. Bu bolsa Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaşlaryň bilimleri kämil derejede özleşdirmekleri üçin berýän goldawynyň hem-de “Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasynyň” üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Türkmen dili, taryh, geografiýa, psihologiýa, mekdep hem-de mekdebe çenli mugallymçylyk okuw-usuly birleşmesi dersleri boýunça okuw-usuly birleşmesinde talyplara ähli dersleri kämil derejede öwretmek sapakdan daşary geçirilýän işler bilen utgaşdyrylýar. Bu ugurda edebiýat agşamlar, hepdelikler, diktant bäsleşikler, çeper okaýyşlar ýygy-ýygydan geçirilýär. Hepdeliklerde göreldeli sapaklar we sapakdan daşary çäreler guralýar. Bulardan başga-da okuw-usuly birleşmesi boýunça talyplaryň hünär başarnyklaryny artdyrmak maksady bilen “Ýaş tebigatçy” atly gurnak hereket edýär. Okuw-usuly birleşmesiniň mugallymlary sapaklardan boş wagtlary medeni-köpçülik çärelerine işjeň gatnaşmak bilen ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan alnyp barylýan beýik özgertmeleri ýaş nesilleriň arasynda wagyz edýärler.
Mugallymçylyk mekdebimiziň talyplary ýurdumyzda geçirilýän taslama we ders bäsleşiklerine işjeň gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar. Şeýle-de, türkmen ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça yglan edilen bäsleşiklerde hem biziň talyplarymyz üstünlikli çykyş edýärler.
Talyplara döwrüň talaplaryna laýyklykda türkmen dilini, edebiýatyny, olary okatmagyň usullaryny öwretmeklik, döwrüň talaplaryna laýyklykda syýasy dünýägaraýyşly, ösen medeniýetli, hünärli adamlar edip ýetişdirmek, kemala getirmek, tebigat, onuň gözelligi, tebigatdaky bolup geçýän hadysalar, tebigat bilen adamyň baglanyşygy barada bilim bermegi, daşky gurşawy goramak, ekologiýanyň abatlygynyň adamzat üçin ähmiýeti barada esasy düşünjeleri bermek, çagalaryň irki ösüşini we mekdebe taýýarlygyny dogry guramagyň aýratynlyklaryny öwretmegi usuly birleşmäniň mugallymlarynyň esasy wezipeleriniň biridir.