Zähmet, aýdym – saz, şekillendiriş sungaty we bedenterbiýe usuly birleşmesi

Image description

         Ýurdumyzyň geljegi bolan ýaş nesle mynasyp bilim we terbiýe bermekde hünärine ökde terbiýeçileri, mugallymlary taýýarlamak maksady bilen, Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň zähmet, aýdym – saz, şekillendiriş sungaty we bedenterbiýe usuly birleşmesiniň mugallymlary sapakda we sapakdan daşary işlerde talyplara aýdym aýtmaklyk, sazy diňläp kabul etmeklik, sazly, sazlaşykly hereketleri ýerine ýetirmekligi, bedenterbiýe boýunça başarnyklary, endikleri we bu dersi başlangyç synplarda okatmagyň usullaryny öwredýärler. Watançylyk ruhunda terbiýelenen, Diýarymyzy ösdürmekde yhlasyny gaýgyrmajak talyplara gözbaşyny gadymdan alyp gaýdýan, milli däp-dessurlarymyza daýanýan sungatymyz bilen baglanyşykly çuňňur bilimi hem-de düşünjeleri berýärler. Şeýle hem, bu ugurlar boýunça ýaşlara bilim we hünär berilip, olary ata Watanymyza, halkymyza wepalylyk ruhunda terbiýelemeklik bilen berk baglanyşykly işler alnyp barylýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzda ylym-bilim ulgamyndaky düýpli özgertmelerine öz mynasyp goşandyny goşyp biljek bilim işgärleri taýýarlanylýar. Okuw ýylynyň dowamynda usuly birleşmäniň hepdelikleri hem geçirilýär. Hepdeliklerde açyk sapaklar we sapakdan daşary çäreler, sergiler, döredijilik işleri guralýar.Ýurdumyzyň geljegi bolan ýaş nesle mynasyp bilim we terbiýe bermekde hünärine ökde terbiýeçileri, mugallymlary taýýarlamak maksady bilen usuly birleşmäniň mugallymlary sapakda hem sapakdan daşary işlerde watançylyk ruhunda terbiýelemek maksady bilen talyplara çuňňur bilim berýärler. Okuw mekdebimizde okaýan talyplar Döwlet tarapyndan tassyklanan okuw maksatnamasy esasynda okap, nazary bilimleri we başarnyklary ele alýarlar.