Okatmagyň STEM esasly ulgamlary - häzirki zaman bilim ulgamynda täze ugur

Image description

Bilimiň häzirki zaman ulgamlary baradaky makalalarda köplenç halatda STEM gysgaltmasy gabat gelýär. Ol dolulygyna açylyp okalanda Science, Technology, Engineering, Mathematics — ýagny, Ylym, Tehnologiýa, Inženeriýa hem-de Matematika diýen manyny berýär. STEM termini ylmy hadysalary ýönekeý we elýeterli wizuallaşdyrmak arkaly öwrenmäge bolan çemeleşmäni aňladýar. STEM ulgamynyň aýratynlygy ol ýa-da başga bir dersiň beýlekilerden üzňe däl-de, biri-biri bilen baglanyşykly öwredilmegidir. Bu usulyň awtorlary ABŞ-nyň Milli ylym gaznasynyň hünärmenleridir.

Mundan başga-da, STEM taslamasy esasynda ýokardaky ugurlardan başga-da sungat pudagy bilen baglanyşykly goşmaça düzüm böleklerini öz içine alýan STEMM, STEAM we STREAM programmalary döredildi. STEMM goşmaça ugur hökmünde aýdym-sazy öz içine alýar, STEAM-da sungaty (Art) öwrenýärler, STREAM-da bolsa edebiýat/okamak (Reading) esasy ugurlaryň hataryna goşulýar.

Esasy ugurlaryň sanawyna döredijilik işiniň girizilmegi döredijilikli pikirlenmegi we çeper hem-de tehniki taslamalaşdyrmak endiklerini ösdürmäge mümkinçilik berýär. STEM konsepsiýasy ylmy çemeleşmä we takyk derslere esaslanýan bolsa, STEMM, STEAM we STREAM konsepsiýalary ylymy öwrenmäge döredijilikli çemeleşýär. Işinde döredijilik bilen ylmy utgaşdyrmagy başaran adam hökmünde Leonardo da Winçini mysal getirmek bolar: ol suratlaryny döretmekde keşpleri we duýgulary beýan etmek üçin perspektiwanyň we binagärligiň kanunlaryna, adam bedeniniň anatomiki gurluşy baradaky ylymlara ýüzlenipdir.

Hünärmenleriň pikiriçe, geljekde STEM-iň goruna döredijilik elementleriniň goşulmagy şahsy oýlap tapyşlary — oýun enjamlaryny, şeýle hem hereketi çäkli bolan adamlar üçin durmuşy ýeňilleşdirýän enjamlary döretmegi aňsatlaşdyryp biler. Şol bir wagtyň özünde döredijilik hünärleri köplenç ylmy maglumatlara daýanýarlar: sazandalar we saz gurallaryny öndürijiler akustika, materiallaryň ses geçirijiligi, kompozitorlar aýdym ýazanda matematiki ýörelgeleri ulanýarlar.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: Okatmagyň STEM esasly …