Başlangyç synplarda okatmak

Image description

Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebi Türkmenistanda abraýly okuw mekdepleriniň biridir. Okuw mekdebinde bilim ulgamy üçin başlangyç synplary okatmak hünärinde ýurdumyza gerekli bolan okatmagyň işjeň usullaryndan, multimediýa tehnologiýasyndan peýdalanyp bilýän ýokary derejeli we tejribeli başlangyç synp mugallymlaryny taýýarlaýarlar. Mundan başga-da mugallymçylyk mekdebi geljekki ýaş hünärmenleriň tejribesini artdyrmak üçin ýurdumyzyň beýleki okuw mekdeplerinde bolşy ýaly, ýaşlara diňe bilim we hünär öwretmek bilen çäklenmän, Döwlet derejesinde geçirilýän bäsleşiklere işjeň gatnaşyp, öz ukup başarnyklaryny görkezýärler.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: Başlangyç synplarda okatmak