“1-nji sentýabr Bilimler we talyp ýaşlar güni”

Image description

Altyn güýzüň başlan ilkinji gününde 1-nji sentýabrda ussat mugallym, ilhalar ynsan Berdimuhamet Annaýewiň adyny uly buýsanç bilen göterýän mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebinde “Bilimler we talyp ýaşlar güni” mynasybetli dabaraly çäre geçirildi. Dabaranyň başy ömrüni, ykbalyny Watana, mugallymçylyk ýaly asylly käre bagyşlan ynsan Berdimuhamet mugallymyň heýkeline gül desselerini goýmak bilen başlandy. Baýramçylyk çäresiniň dowamynda Hormatly Prezidentimiziň bilim işgärlerine, mugallymlara, talyp ýaşlara, mekdep okuwçylaryna iberen gutlagyndan ruhlanan adamlar orta hünär okuw mekdebimiziň 1-nji ýyl talyplarynyň çykyş etmeginde mugallymçylyk käriniň belent sarpasyny görkezýän edebi-sazly kompozisiýa tomaşa etdiler. Kompozisiýanyň dowamy Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz söýgüni alamatlandyrýan hoşallyk aýdymy bilen utgaşyp gitdi. Çäräniň ahyrynda mekdebiň 2-nji ýyl talyplary okuw jaýynyň gapysyndan ilkinji gezek gadam basjak 1-nji ýyl talyplara ak ýol arzuw edip, bilimler ummanynyň açaryny we talyplyk şahadatnamasynyň nusgasyny gowşurdylar. Soňra talyp ýaşlar döwletli döwranymyzy wasp edýän ajaýyp aýdymyň astynda Ýaşyl Tugumyza tagzym edip, okuw binasynyň gapysyndan girdiler we “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” atly ilkinji okuw sapagyna başladylar.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: “1-nji sentýabr Bilimler …

Metbugat gullugy