2025-nji ýylyň 13-nji iýunynda Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebinde "Parahatçylyk bilimi" atly ylmy-amaly maslahat geçirildi.

Image description

2025-nji ýylyň 13-nji iýunynda Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebinde Türkmenistan döwletimiziň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy, Arkadag şäheriniň döredilmeginiň 2 ýyllygy mynasybetli "Parahatçylyk bilimi" atly ylmy-amaly maslahat geçirildi.

             "Parahatçylyk bilimi" ady bilen guralan bu maslahat ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň  Milli toparynyň sekretariatynyň, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň "Parahatçylyk dilleri" atly ÝUNESKO Klubynyň hem-de Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň bilelikde gurnamagynda geçirildi. Mugallymçylyk mekdebimiziň talyp ýaşlarynyň ýerine  ýetiren “Halypa göreldesi” atly edebi-sazly kompozisiýasy bilen açylan maslahata gatnaşyjylaryň  ussat mugallym,  watançy esger, ilhalar ynsan Berdimuhamet Annaýewiň ýagty ýadygärligine gül çemenlerini goýmagy halkymyzyň köpasyrlyk döwletlilik ýörelgelerine uly sarpa goýýandygyny ýene bir gezek açyp görkezdi. Ylmy-amaly maslahatyň dowamynda  Türkmenistanyň Gahrymany, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň  Milli toparynyň jogapkär sekretary Ç.Rüstemowanyň, Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň direktory A.Babaýewanyň, we Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň uly mugallymy, “Parahatçylyk dilleri” ÝUNESKO Klubynyň başlygy O.Berdiýewanyň eden çykyşlary ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylarda aýratyn täsir galdyrdy.

              Ylmy-amaly maslahatda çykyş edenler dünýä giňişliginde pedagogik usullaryň ulanylmagy we parahatçylyk bilimi we okuw-terbiýeçilik işiniň bilelikde utgaşdyrylmagy bu ulgamyň ösüşiniň ilerlemegine ýardam edýär diýip aýratyn bellediler we halkymyzyň parahatçylyk we ynanyşmak taglymatyny dünýäde giňden dabaralandyrýan, ýaşlaryň döwrebap bilim almagyna uly mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: 2025-nji ýylyň 13-nji …

Metbugat gullugy