2025-nji ýylyň 22-nji maýynda Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň mejlisler zalynda ýangyn howpsuzlyk düzgünleriniň berjaý etmek boýunça wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Image description

2025-nji ýylyň  22-nji maýynda Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň mejlisler zalynda ýangyn howpsuzlyk düzgünleriniň berjaý etmek boýunça mekdebiň mugallymlarynyň we talyplarynyň gatnaşmagynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Bu duşuşyga Arkadag şäheriniň Polisiýa Müdirliginiň Ýangyn Howpsuzlyk Bölüminiň 700-nji Harbylaşdyrylan ýangyn howpsuzlyk bölüminiň içerki gullugynyň gözegçisi Orazgeldi Annaberdiýew gatnaşdy. Ýangyn howpsuzlyk bölüminiň içerki gullugynyň gözegçisi mekdebiň binasynda we ýangyn suw çeşmelerine barýan geçelgelerde, şeýle hem ýangyn söndüriji abzallara we enjamlara barýan ýollarda (ýerlerde) päsgelçilikleriň bolmaly däldigini, okuw binasynyň  çäkleriniň hemişe arassa saklanmalydygyny, ýanyjy zatlaryň galyndylaryň, ýere gaçan agaç ýapraklarynyň we gury haşal otlaryň  yzygiderli aýrylmalydygyny, mekdepde ulanylýan elektrik gurluşlaryň, elektrik enjamlaryň hem-de olaryň ulanylşynda elektrik gurluşlary guramaklygyň düzgünleriniň, elektrik gurluşlaryny sarp edijileriň tehniki ulanyş düzgünleriniň we sarp edijileriň elektrik gurluşlary ulanylanda tehniki howpsuzlyk düzgünleriniň talaplaryna laýyk ýerine ýetirmelidigini wagyz-nesihat duşuşuga gatnaşyjylara berk tabşyrdy.  Bulardan başga-da mekdepde ulanylýan simleri we kabelleri birikdirmek, halkalamak we şahalandyrmak işleri,  basyrmak, galaýylamak, kebşirlemek işleriniň ýörite gysgyçlar arkaly ýerine ýetirilmelidigi aýdyldy. Mekdebiň çäginde ornaşdyrlan ilkinji ýangyn söndüriji serişdeleriniň ulanylyşy barada giňişleýin tanyşdyryldy. Wagyz-nesihat çäresine gatnaşyjy wekil ýangyn dörän halatynda şu aşakdaky heretleri ýerine ýetirilmelidigini aýtdy: gyssagly Ýangyn howpsuzlyk bölümini 123 belgä jaň aýlap ýa-da meýletin ýangyn topary çagyrmaly. Talyplary howpsuz ýere çykarmaly we hemme talyplaryň çykarylandygyny barlamaly, mekdepde bar bolan ýangyn söndüriji serişdeler bilen ýangyny söndürmäge girişmeli. Ýangyn howpsuzlyk bölümini garşylamaly, ýagdaýy habar bermeli we ýangyn söndürmegiň ýolbaşçysynyň tabşyryklary esasynda hereket etmeli. Mekdepde döredilen ýaş meýletin ýangyn topary okuw binasynda we umumy ýaşaýyş jaýlarynda ýangyna garşy barlaglary geçirip durmalydygyny, onuň agzalarynyň ýangyn amaly sporty bilen giňden meşgullanmalydygyny aýtdy. Merdiwan kapasalary, dälizleri, geçelgeleri, çykalgalary we beýleki halas ediş ýollary elmydama açyk ýagdaýda saklanmalydygyny, merdiwan kapasalaryň aşagynda goş otaglarynyň gurnalmagynyň, şeýle hem gurallaryň ýa-da dürli enjamlaryň saklanmagynyň düýbünden gadagan edilýändigini nygtady. Sözüniň ahyrynda duşuşyga gatnaşyjy wekil mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň ähli mugallymlarynyň, talyplarynyň we işgärleriniň ýangyn howpsuzluk düzgünlerini berk berjaý edip, ýangyndan ägä bolmalydygyny aýtdy.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: 2025-nji ýylyň 22-nji …

Metbugat gullugy