2025-nji ýylyň 23-nji sentýabrynda mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebimizde Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 34 ýyllygy mynasybetli “Garaşsyzlyk -baky bagtyň gözbaşy” atly baýramçylyk çäresi geçirildi.

Image description

2025-nji ýylyň 23-nji sentýabrynda Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebinde  Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 34 ýyllygy mynasybetli “Garaşsyzlyk - baky bagtyň gözbaşy” atly baýramçylyk çäresi geçirildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň her bir güni beýik ösüşlere, şanly wakalara beslenýär. Garaşsyzlyk baýramy - bu halkymyzyň baş baýramy, il-ýurduň mizemez bagtynyň, ganatlanan ruhubelentliginiň güwäsi. Garaşsyzlyk we Garaşsyz Watanymyz hakynda söz açanymyzda bolsa “Sarsmaz, mizemez döwlet” diýen düşünjeler kalbyňa dolýar. Şu nukdaýnazardan hem,  “Garaşsyzlyk -baky bagtyň gözbaşy” ady bilen geçirilen baýramçylyk çäresiniň başynda ady agzalan bilim ojagynyň bagtyýar talyp ýaşlarynyň ýerine ýetirmeginde edebi-sazly kompozisiýasynyň ýaňlanmagy, akylly Arkadag şäherinde ýerleşýän ussat mugallymyň adyny göterýän mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebinde ylym-bilim alýan talyp ýaşlaryň kalbyndaky buýsanç duýgularyny ýene bir gezek açyp görkezdi.  Baýramçylyk çäresiniň dowamynda talyp ýaşlaryň ýerine ýetiren aýdym-sazly çykyşlary gatnaşyjylara ruhy lezzet paýlady.

Dabara gatnaşyjylar çäräniň ahyrynda gözelligiň şäheri bolan Arkadag şäherinde ýaşlaryň döwrebap bilim almagyna uly mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden sagbolsun aýtdylar.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: 2025-nji ýylyň 23-nji …

Metbugat gullugy