Gahryman Arkadagymyzyň sahawatly saýasynda hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda sebitde deňi-taýy bolmadyk "akylly" Arkadag şäheri ähli ulgamlarda uly ösüşleri nazarlaýar. Bu şäherde gurlup ulanylmaga berlen her bir desga ylmyň we tehnologiýanyň iň soňky gazananlary bilen üpjün edilendir. Munuň özi ýaşlaryň kämil derejede bilim almagy we hünär öwrenmegi üçin uly ýol açýar. Şu nukdaýnazardan hem, 2025-nji ýylyň 26-njy iýunynda Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebinde Arkadag şäheriniň açylyp ulanylmaga berilmeginiň 2 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk çäresi geçirildi. “Arkadag şäheri – bagtyň şäheri” ady bilen gurnalan baýramçylyk çäresiniň başynda ady agzalan bilim ojagynyň bagtyýar talyplarynyň ýerine ýetirmeginde edebi-sazly kompozisiýasynyň ýaňlanmagy, akylly Arkadag şäherinde ýerleşýän ussat mugallymyň adyny göterýän mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebinde ylym-bilim alýan talyp ýaşlaryň kalbyndaky buýsanç duýgularyny ýene bir gezek açyp görkezdi. Baýramçylyk çäräsiniň dowamynda talyp-ýaşlaryň ýerine ýetiren aýdym-sazly çykyşlary gatnaşyjylara ruhy lezzet paýlady.
Dabara gatnaşyjylar çäräniň ahyrynda aklygyň şäheri bolan Arkadag şäherinde ýaşlaryň döwrebap bilim almagyna uly mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden sagbolsun aýtdylar.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: 2025-nji ýylyň 26-njy …