2025-nji ýylyň 3-nji sentýabrynda Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň mejlisler zalynda “Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy” atly biraýlygyň çäklerinde talyp ýaşlaryň arasynda Konstitusiýany, kanunlary düşündirmek, adam söwdasy, bilkastlaýyn adam öldürmek, agyr ten şikesini ýetirmek, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygy we beýleki jenaýatlara garşy göreşmek, öz janyňa kast etmek ýaly hereketleriň, nika bozulmalarynyň öňüniň alynmagy, tebigaty goramak, telekeçilik işi baradaky kanunlary, tertip-düzgüni berjaý etmek, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän döwlet syýasaty barada hem-de kanun bozulmalaryň öňüni almak, ýol hereketiniň kadalaryny, ýaramaz endikleriň täsirleri, hadysalaryň netijeleri, jenaýatçylygyň alamatyny, ýangyn howply ýagdaýlaryň döremek howpuny, sagdyn durmuş we milli ahlak ýörelgelerini düşündirmek maksady bilen mekdebiň mugallymlarynyň we talyplarynyň gatnaşmagynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Bu duşuşyga Polisiýanyň ýol gözegçilik gullugynyň, lukmançylyk edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Wagyz-nesihat duşuşyga gatnaşyjylar çykyşlarynda talyp ýaşlara ýol hereketiniň kadalary, köpçülikde özüňi alyp barmagyň medeniýeti, sagdyn durmuş we milli ahlak ýörelgeleri barada giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle hem halkymyzyň parahat hem asuda durmuşda ýaşamagy babatda ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşly sözlerini beýan etdiler.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: 2025-nji ýylyň 3-nji …