“Açyk gapylar” güni

Image description

                                                               “AÇYK GAPYLAR” GÜNI

 

Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher  mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebi  2025-2026-njy okuw ýylynda  okuwa girmäge isleg bildirýän ýaşlary 2025-nji ýylyň 8-nji aprelinde sagat 10:00-da “Açyk gapylar” gününe çagyrýar.

“Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna” beslenip gelen  “Açyk gapylar” gününde ýaşlara Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň  milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek barada alyp barýan özgertmelerine laýyklykda, Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher  mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň taýýarlyk ugurlary, olara degişli hünärler, okuw-usuly, terbiýeçilik, medeni-köpçülik işleri hem-de talyplaryň okamagy, ýaşamagy, medeniýetli dynç almagy, sport bilen meşgullanmaklary üçin döredilen ähli  şertler barada giňişleýin maglumatlar berler.

 

 

Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher  mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň salgysy:

Arkadag şäheriniň  Gorjaw etrabynyň Arkadag şaýolunyň 36-njy jaýy.

Telefon belgisi: 57-20-01

Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Açyk gapylar” güni

Metbugat gullugy