2026-njy ýylyň aprel aýynyň 8-ine Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebinde Watanymyzyň geljegi bolan ýaşlary hünäre ugrukdyrmak maksady bilen “Açyk gapylar” güni geçirildi. “Açyk gapylar” gününe Ahal welaýatynyň we Arkadag şäheriniň umumybilim berýän orta mekdeplerinde bilim alýan 11-12-nji synp synp okuwçylary işjeň gatnaşdylar.
Geljekki uçurymlar ussat mugallym, ilhalar ynsan, watançy esger Berdimuhamet Annaýewiň adyny uly buýsanç bilen göterýän mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebinde hereket edýän hünärler bilen, şeýle-de, ähli amatlyklary bolan okuw otaglary, okadylýan dersler bilen içgin tanyşmaklary olaryň mugallymçylyk kärine bolan höwesini has-da artdyrdy.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Açyk gapylar” güni …