2025-nji ýylyň 18-28-nji oktýabry aralygynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Waýoming we Montana ştatlaryndaky ýokary okuw mekdepleri bilen bilim ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk etmek mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen, Türkmenistanyň Bilim ministriniň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti iş saparyna iberildi. Bu iş saparyna Berdimuhammet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebimiziň direktory Aýjahan Babaýewa hem gatnaşdy.
Türkmen wekiliýetiniň agzalary 20-nji oktýabrda ABŞ-nyň Waýoming ştatynyň Powell şäherinde ýerleşýän Demirgazyk-günbatar kollejine (Northwest College) bardylar we bu kollejiň mümkinçilikleri bilen ýakyndan tanyşdylar.

Taraplar çagalar psihologiýasy boýunça bilelikdäki onlaýn sapaklary we usulyýet seminarlaryny, çaga psihologiýasyndaky gözleg usullaryny, ýaş bilen baglanyşykly aýratynlyklary göz öňünde tutup, çagalar bilen işlemegiň häzirki zaman çemeleşmelerini we sanly çözgütleri ulanyp, mekdeplerde we mekdebe çenli çagalar edaralarynda iňlis dilini öwretmegiň usullaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem talyp alyş-çalyşlaryny, bilelikdäki bilim modullaryny durmuşa geçirmäge gönükdirilen amaly gözlegler barada pikir alyşdylar. Demirgazyk-günbatar kollejinde (Northwest College) geçirilen iş duşuşygy, Türkmenistanyň ýokary we orta hünär bilim ulgamynyň halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmeginde, innowasion tejribeleriň ornaşdyrylmagynda we ýaşlaryň dünýä derejesindäki bilim mümkinçiliklerine gatnaşmagynda möhüm ädim boldy.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň …