Arkadag şäheriniň häkimliginiň “Bagt köşgi” toý dabaralar merkezinde Halkara zenanlar güni mynasybetli “Mähribanlygyň we gözelligiň baýramy” atly baýramçylyk çäresi geçirildi.

Image description

2025-nji ýylyň 5-nji martynda Arkadag şäheriniň häkimliginiň “Bagt köşgi” toý dabaralar merkezinde Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň mugallymlarynyň we talyp ýaşlarynyň gatnaşmagynda bahar paslynyň ilkinji günlerinde ýurdumyzda giňden bellenilip geçilýän 8-nji mart “Halkara zenanlar güni” baýramy mynasybetli “Mähribanlygyň we gözelligiň baýramy” atly baýramçylyk çäresi geçirildi. Çäräniň dowamynda ata Watanymyzda ene mukaddesliginiň, zenan sarpasynyň belende göterilýändigini dabaralandyrýan çeper okaýyşlar we aýdym-sazly çykyşlar ýerine ýetirildi. Mugallymçylyk mekdebimiziň talyplarynyň dürli dillerde ene hüwdüli edebi sazly kompozisiýasyny ýerine ýetirmegi baýramçylyk çäresiniň täsirini has-da artdyrdy. Dabaraly çärä gatnaşanlar öz çykyşlarynda döredip berilýän giň mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

 

Maglumatlar şu salgydan alyndy: Arkadag şäheriniň häkimliginiň …

Metbugat gullugy