Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebimizde Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň guramagynda gysga möhletli okuwlar geçirildi

Image description

Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebimiziň işgärleriniň we talyplarynyň gatnaşmagynda 2025-nji ýylyň 17-18-19-njy fewraly aralygynda ilatyň arasyndaky mätäç toparlaryna ynsanperwerlik kömegini bermek bilen bagly işlerde döwletimiziň kömekçisi bolup durýan Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň guramagynda 16 sagatlyk gysga möhletli okuwlar geçirildi. Gurnalan okuwlaryň dowamynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň hünärmenleri Maýa Annadurdyýewa we Kümüş Tülekowa halkara ynsanperwerlik hukugy baradaky bilimi ýaýratmak, meýletinçiler we ýaşlar bilen işlemek, ýokanç we ýokanç däl keselleriň öňüni almak, inçekeselli näsaglara durmuş üpjünçilik goldaw etmek, adatdan daşary ýagdaýlarda özüňi alyp barmagyň düzgünlerini öwretmek, ilatyň arasyndaky mätäç toparlaryna ynsanperwerlik kömegini bermek boýunça görkezme çykyşlary bilen giňişleýin okuwlary gurnadylar.

 

 

Maglumatlar şu salgydan alyndy: Berdimuhamet Annaýew adyndaky …

Metbugat gullugy