Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebinde 2025-nji ýylyň aprel aýynyň 21-26-sy aralygynda “Kämil bilim – nurana geljegiň gözbaşy” ady bilen iňlis we rus dili dersleri boýunça hepdelik geçirildi.
Hepdeligiň dowamynda talyplaryň daşary ýurt dilleri boýunça bilimlerini artdyrýan, sözleýiş başarnyklaryny ösdürýän birnäçe çäreler, bäsleşikler, maslahatlar, duşuşyklar geçirildi.
Hepdeligiň açylyş dabarasynda ähli toparlaryň gatnaşmagynda iňlis we rus dili derslerine bagyşlanan çykyşlar ýerine ýetirildi. Hepdeligiň birinji gününde Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň hem-de ýurdumyzyň mugallymçylyk ugurly orta hünär okuw mekdepleriniň daşary ýurt dili mugallymlarynyň gatnaşmagynda daşary ýurt dillerini öwretmegiň kämil usullaryna bagyşlanan onlaýn okuw-usuly maslahat geçirildi. “Книга спутник жизни” ady bilen kitabyň gymmatyny açyp görkezýän prezentasiýa, wideorolik görkezip çykyş etmek, “Health is wealth”, “Здоровье дороже золота” ady bilen diwar gazeti taýýarlamak, beýik rus şahyrlarynyň goşgularyny çeper hem-de labyzly okamak boýunça geçirilen bäsleşikler çekeleşikli boldy. Öwrenilýän daşary ýurt dillerine degişli ýurtlaryň gözel ýerlerine, bilim ulgamyna, medeniýetine, sungatyna, ýazyjy-şahyrlaryna, ýaşaýyş-durmuşyna degişli talyplaryň işleriniň sergisi hem guraldy. Mundan başga-da toparlar daşary ýurt döwletleriň medeniýetini, däp-dessurlaryny şöhlelendirýän iňlis hem-de rus saçagyny taýýarladylar.
Hepdeligiň dowamynda daşary ýurt dili mugallymlary göreldeli sapaklary geçdiler. Oňa mekdebiň ýolbaşçylary we mugallymlary gatnaşyp, mugallymlaryň üstünliklerini aýtdylar we usuly maslahatlaryny berdiler. Hepdeligiň dowamynda Arkadag şäheriniň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine talyplar bilen gezelençler hem gurnaldy. Iňlis dili dersi boýunça mekdebiň howlusynda geçirilen synpdan daşary çäre hem talyplaryň daşary ýurt dillerini öwrenmäge bolan höweslerini artdyrdy. Hepdeligiň ýapylyş dabarasynda aýdym-sazly çykyşlar görkezildi hem-de hepdeligiň dowamynda geçirilen çärelere işjeň gatnaşan talyplar sylaglanyldy.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: Berdimuhamet Annaýew adyndaky …