Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebinde 2025-nji ýylyň fewral aýynyň 17-22-si aralygynda matematika we informatika dersleri boýunça hepdelik geçirildi.
Hepdeligiň dowamynda talyplaryň matematika we informatika degişli bilimlerini artdyrýan, pikirleniş ukybyny kämilleşdirýän, sanly tehnologiýalardan baş çykarmak ukybyny has hem kämilleşdirýän birnäçe çäreler geçirildi.
Hepdeligiň açylyş dabarasynda ähli toparlaryň gatnaşmagynda matematika we informatika dersine bagyşlanan çykyşlar ýerine ýetirildi. “Matematika ylymlaryň şasy” ady bilen diwar gazeti taýýarlandy we geometrik jisimleriň modelleriniň sergisi gurnaldy.
Talyplaryň ýatkeşligini ösdürmek we informatika terminleri dogry düzmek boýunça toparlaryň arasynda “Geometrik şekilleriň burçlaryny sanamak”, “Klawiatura türgeni we sudoki oýunlary çözmek” boýunça bäsleşikler geçirildi.
Sanlar bilen baglanşykly “Paýhas çeşmesi” atly kitapdan nakyllar, türkmençillik däp-dessurlarymyzda san bilen baglanşykly yrym-ynançlar aýdyldy. Mekdebiň umumy ýaşaýyş jaýynda ýaşaýan talyplaryň gatnaşmagynda matematika ylmynda öçmejek yz goýan Muhammet al-Horezminiň, Al-Mermeziniň, An-Nasawynyň, Abu Reýhan Al-Birunynyň, Abu Aly ibn Sinanyň, Omar Haýýamyň, Abdyrahman Al-Hazininiň ömri we olaryň açyşlary, oýlap tapyşlary dogrusynda taýýarlanan wideogörnüşlere tomaşa edildi. Mugallymlar hepdeligiň dowamynda açyk we görkezme okuwlaryny geçdiler we özara tejribe paýlaşdylar. “Mugallymlaryň umumy dersleriň hilini, täsirini ýokarlandyrmakda ulanyp boljak sanly platformalaryň sanawy we olaryň netijeliligi” ady bilen mekdebiň 5-6-njy synplarda matematika dersini okatmak hukugy bolan talyplaryň topary, ýagny 103-nji we 203-nji toparlaryň talyplarynyň we mekdebiň matematika we informatika mugallymlarynyň gatnaşmagynda maslahat geçirildi. Hepdeligiň ýapylyş dabarasynda hepdelige işjeň gatnaşan talyplar sylaglanyldy.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: Berdimuhamet Annaýew adyndaky …