Hepdeligiň dowamynda milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek, ýokary ylmy mümkinçiligi bolan giň gözýetimli, maksada okgunly, päk ahlakly, ruhy taýdan sagdyn, berk bedenli, innowasion tehnologiýalary dolandyrmaga ukyply, hünär taýýarlykly ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek boýunça bilimlerini artdyrýan, sözleýiş başarnyklaryny ösdürýän birnäçe çäreler, bäsleşikler, maslahatlar, duşuşyklar geçirildi.
Hepdeligiň açylyş dabarasynda ähli toparlaryň gatnaşmagynda zähmet, aýdym-saz, şekillendiriş sungaty we bedenterbiýe derslerine bagyşlanan çykyşlar ýerine ýetirildi. Hepdeligiň birinji gününde Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli “Kämil kanunlar – döwlet gurluşynyň binýady” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. “Däneli önümlerden millilige esaslanyp zähmet dersinden sowgatlyk sungat eserlerini döretmek” ady bilen talyplaryň ukyp başarnygyny açyp görkezýän bäsleşik geçirildi. “Sport sagdynlygyň girewidir” atly toparlaryň arasynda geçirilen woleýbol bäsleşigi örän çekeleşikli boldy. Mundan başga-da orta hünär okuw mekdebimizde halk döredijiliginiň parçalaryndan aýdym-sazly geçirilen dabara has hem hepdeligiň täsirini artdyrdy.
Hepdeligiň dowamynda zähmet, aýdym-saz, şekillendiriş sungaty we bedenterbiýe mugallymlary göreldeli sapaklary geçdiler. Oňa mekdebiň ýolbaşçylary we mugallymlary gatnaşyp, mugallymlaryň üstünliklerini aýtdylar we usuly maslahatlaryny berdiler. Hepdeligiň dowamynda Köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmek maksady bilen toparlaryň arasynda küşt, şaşka we tanap çekmek boýunça bäsleşikler gurnaldy. Hepdeligiň ýapylyş dabarasynda aýdym-sazly çykyşlar görkezildi hem-de hepdeligiň dowamynda geçirilen çärelere işjeň gatnaşan talyplar sylaglanyldy.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: Berdimuhamet Annaýew adyndaky …