Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebinde 2026-njy ýylyň maý aýynyň 19-23-i aralygynda “Путешествие в мир русского языка” ady bilen rus dili we edebiýaty hepdeligi geçirildi

Image description

Hepdeligiň dowamynda talyplaryň rus dili boýunça bilimlerini artdyrýan, sözleýiş başarnyklaryny ösdürýän birnäçe çäreler, bäsleşikler, oýunlar geçirildi.

Hepdeligiň açylyş dabarasynda ähli toparlaryň gatnaşmagynda rus dili dersine bagyşlanan çykyşlar, aýdym-sazly kompozisiýalar ýerine ýetirildi. Hepdeligiň birinji gününde talyplaryň ýerine ýetirmeginde “По страницам русского языка” ady bilen konsert geçirildi.

Russiýanyň gözel ýerlerine, bilim ulgamyna, medeniýetine, sungatyna,  ýazyjy-şahyrlaryna, ýaşaýyş-durmuşyna degişli talyplaryň işleriniň sergisi hem guraldy. Mundan başga-da toparlar medeniýetini, däp-dessurlaryny şöhlelendirýän rus saçagyny taýýarladylar.

Hepdeligiň ýapylyş dabarasynda aýdym-sazly çykyşlar görkezildi hem-de hepdeligiň dowamynda geçirilen çärelere işjeň gatnaşan  talyplar sylaglanyldy.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: Berdimuhamet Annaýew adyndaky …

Metbugat gullugy