Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebinde “Açyk gapylar” güni geçirildi.

Image description

Häzirki wagtda eziz diýarymyzda ýaşlar baradaky döwlet syýasaty üstünlikli amala aşyrylýar. Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebimizde ýaşlary hünäre ugrukdyrmak üçin birnäçe işler alnyp barylýar.

2025-nji ýylyň 8-nji aprelinde Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebimizde “Açyk gapylar” güni geçirildi. “Açyk gapylar” gününe Arkadag şäheriniň we Ahal welaýatynyň orta mekdepleriniň ýokary synp okuwçylary, bilim bölümleriniň hünärmenleri, mugallymlar hem birnäçe myhmanlar gatnaşdylar.

Çärä gatnaşyjylar orta hünär okuw mekdebimiz tarapyndan taýýarlanan ýörite sergini synladylar. Soňra orta hünär okuw mekdebimizde ussat mugallymyň adyny göterýän muzeý bilen tanyşdylar.

 

Geljekki dalaşgärler mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebimizde ýerleşýän okuw otaglary, mejlisler zaly, kitaphana, onda talyplara okamak üçin döredilýän şertler, elektron kitaphana ulgamy, mekdebiň içki portal ulgamy barada şeýle-de sport meýdançalary içgin tanyşdylar. Soňra myhmanlar mejlisler zalynda gurnalan dabaraly çärä gatnaşdylar. Onda mekdebiň mugallymlary orta hünär okuw mekdebimiziň gazanylan üstünlikleri, bar bolan hünärler dogrusynda, şeýle hem umumy ýaşaýyş jaýynda döredilen şertler bilen tanyşdyrýan şekilli görkezijileri görkezdiler, talyplaryň çykyşlaryna tomaşa etdiler. Çärä gatnaşanlar mekdebiň mugallymlary bilen gürrüňdeşlik geçirip, özlerinde dörän gyzyklanmalarynyy sorag-jogap alyşmak arkaly öwrendiler. Geçirilen “Açyk gapylar” güni gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döretdi.

 

 

 

Maglumatlar şu salgydan alyndy: Berdimuhamet Annaýew adyndaky …

Metbugat gullugy