Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebinde 2025-nji ýylyň 16-njy aprelinde Türkmenistanyň mugallymçylyk ugurly orta hünär okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda ömrüni, ykbalyny Watanyna, mugallymçylyk ýaly asylly käre bagyşlan ilhalar ynsan, ussat mugallym Berdimuhamet Annaýewiň mugallymçylyk taglymatyny, beren maslahatlaryny içgin öwrenip, häzirki zaman şertlerinde peýdalanmak arkaly bilim we terbiýe bermegiň usullaryny kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň we Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň bilelikde gurnamagynda “Berdimuhamet Annaýewiň mugallymçylyk taglymaty” atly bäsleşik geçirildi. Bäsleşige gatnaşyjylar Berdimuhamet Annaýewiň heýkeline gül desselerini goýdular, esasy girelgede gurnalan sergä syn etdiler we Berdumuhamet Annaýewe bagyşlanan muzeýe gezelenç etdiler. Bäsleşigiň Düzgünnamasyna laýyklykda talyplar matematika dersinden göreldeli sapak geçmek, onda Berdimuhamet Annaýewiň çagalara bilim we terbiýe bermekde ulanan mugallymçylyk usullaryndan peýdalanyp görkezmek, ajaýyp ynsan, mugallym Berdimuhamet Annaýewiň mugallymçylyk taglymatyny nazary taýdan öwrenip, şekilli görkeziliş taýýarlamak, Gahryman Arkadagymyzyň atasy Berdimuhamet Annaýewiň çagalara bilim we terbiýe bermek boýunça öňe süren mugallymçylyk taglymatlaryny 3 dilde aýtmak bilen edebi sazly kompozisiýany ýerine ýetirmek, Gahryman Arkadagymyzyň “Älem içre at gezer” we “Döwlet guşy” romanlarynyň mazmuny boýunça beriljek 6 (alty) soraga jogap bermek, sapakda ulanmak üçin okuw-görkezme esbaplarynyň birini (suratlar, tablisa) taýýarlamak, geçirilen göreldeli sapaklara gatnaşyp, sapaga seljerme berip, teswirnama taýýarlamak ýaly şertler boýunça öz ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Bäsleşigiň netijesi boýunça eminler topary talyplaryň zehin-başarnyklaryny nazara alyp, baha berdiler. Netijede:
Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň II ýyl talyby Dowlatowa Ogulbossan baş baýraga;
Hydyr Derýaýew adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň II ýyl talyby Atdanowa Hurma I orna;
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň II ýyl talyby Saparow Serdar II orna;
Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň II ýyl talyby Halymowa Hojatagan III orna mynasyp boldular.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: Berdimuhamet Annaýew adyndaky …