2025-nji ýylyň 6-njy martynda Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebinde “Gahryman Arkadagymyzyň käbesi, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň enesi, ähli türkmen halkynyň käbesi Ogulabat Berdimuhamedowanyň maşgala terbiýesi we kämil ahlak gymmatlyklary baradaky dana we parasatly sözleri ýaş nesiller üçin terbiýeçilik we pedagogik taglymatdyr” atly ylmy-döredijilik maslahaty geçirildi. Maslahata Arkadag şäherinde ýerleşýän ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň ilkinji zenanlar guramalarynyň işjeň agzalary, Arkadag şäheriniň ýaşaýjysy, kümüş saçly ene Amansoltan Annaçaryýewa şeýle-de mekdebimiziň zenan mugallymlary we talyp gyzlary gatnaşdylar. Ylmy-döredijilik maslahatynda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň käbesi Ogulabat ejäniň maşgala terbiýesi, ýarym asyr mundan öň keşdelän gyzyl çog ýaly kürtesi, oňa salynan nagyşlar, gelin-gyzlarymyzyň asyrlaryň jümmüşine siňip giden sünnä el işleri dogrusynda, Gahryman Arkadagymyzyň “Enä tagzym mukaddeslige tagzym” atly ajaýyp kitabynda ene mukaddesliginiň beýany, ýurdumyzda zenanlara goýulýan hormat barada giňişleýin belläp geçdiler.
Maslahatyň mazmuny mekdebiň “Arkadagly ýaşlar” döredijilik toparynyň taýýarlan çykyşlary bilen ýaýbaňlandyryldy. Talyplar çykyşlarynyň dowamynda Watanymyzy, türkmen milli el işlerini wasp edýän läleleri, aýdymlary, halk döredijiliginden parçalary ýerine ýetirdiler. Dabaraly çärä gatnaşyjylar enelerimizi mukaddeslik derejesinde sarpalaýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: Berdimuhamet Annaýew adyndaky …