Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň mugallymlarynyň ählisiniň gatnaşmagynda “Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy” boýunça mugallymlaryň hünär derejelerini ýokarlandyrmak, okuw-terbiýeçilik işlerine okatmagyň öňdebaryjy we has kämil, ýokary netijeli usullaryny giňden ornaşdyrmak maksady bilen, 2025-nji ýylyň 7-9-njy apreli aralygynda Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň guramagynda gysga möhletli (18 sagatlyk) usuly-amaly okuwlar geçirildi. Geçirilen okuwlary üstünlikli tamamlan mugallymlara Türkmenistanyň Milli Bilim instituty tarapyndan şahadatnamalar gowşuryldy.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: Berdimuhamet Annaýew adyndaky …