2025-nji ýylyň aprel aýynyň 2-sine Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň mugallymlarynyň we talyp ýaşlarynyň gatnaşmagynda Bütindünýä saglyk güni mynasybetli gujurly-gaýratly, ugurtapyjy ýaşlary kemal getirmek we olarda sporta bolan söýgüni ösdürmek maksady bilen “Sagdyn ýaşlar geljegimiziň röwşeni” atly sport çäresi geçirildi. Bedeniňi we saglygyňy berkitmek diýen düşünjeden ugur alyp geçirilen çäre, sporty we sagdyn durmuşy ýaşlaryň arasynda wagyz etmäge gönükdirilen ýene-de bir ädim boldy. Çäräniň dowamynda talyplar mekdebimiziň sport meýdançasynda sport tansyny, welosipedli ýörişleri, beden maşklaryny ýerine ýetirdiler we talyplar ýurdumyzda ýaş nesilleriň sagdyn bedenli we sagdyn ruhly bolup ýetişmekleri üçin Hormatly Prezidentimiz tarapyndan amala aşyrylýan işleri üçin ýürek buýsançlaryny beýan etdiler. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Arkadag şäheriniň geňeşi tarapyndan bu çärä işjeň gatnaşan talyplara hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Sport çäresi “Arkadag” teleýaýlymy tarapyndan ýazga geçirildi.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: Berdimuhamet Annaýew adyndaky …