“Bitaraplyk - buýsanjymyz, bagtymyz” atly döredijilik bäsleşigi geçirildi.

Image description

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallary bilen döwrümiziň ýaşlarynyň ukyp - başarnyklaryny, zehinlerini açmak maksady bilen, 2025-nji ýylyň noýabr aýynyň 22-sine Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebinde Hemişelik Bitaraplyk baýramynyň 30 ýyllygy mynasybetli mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebi bilen Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň bilelikde gurnamagynda “Bitaraplyk - buýsanjymyz, bagtymyz” atly döredijilik bäsleşigi geçirildi.

             Bäsleşik mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň I-II-III ýyl talyplarynyň gatnaşmagynda geçirildi. Bäsleşigiň şerti boýunça: aýdym aýtmak, tans etmek, çeper      okaýyş, gülküli sahna boýunça bäsleşdiler. Bäsleşigiň ýeňijileri  emin agzalary tarapyndan adalatly bahalandyryldy.

             Mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň II ýyl talyplary 1-nji orna, III ýyl talyplary 2-nji orna, I ýyl talyplary bolsa, 3-nji orna mynasyp boldular.

            Bäsleşikde tapawutlanan talyplar Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasy tarapyndan hormat hatlary we  sowgatlar bilen sylaglanyldy.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Bitaraplyk - buýsanjymyz, …

Metbugat gullugy