Bitaraplyk muzeýine gezelenç çäresi geçirildi.

Image description

2025-nji ýylyň 23-nji dekabrynda Halkara Bitaraplyk gününiň we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolmagynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebimiziň we Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň mugallymlarynyň we talyplarynyň gatnaşmagynda paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň iň gözel künjekleriniň biri bolan «Bitaraplyk» binasyna, şeýle hem onuň içinde ýerleşýän Bitaraplyk muzeýine gezelenç çäresi gurnaldy.

Aşgabat şäheriniň binagärlik gözelliginiň aýrylmaz bölegi bolan döwrebaplaşdyrylan «Bitaraplyk» binasy ýaşlary özüniň üýtgeşik keşbi bilen garşylady. Gezelenç çäresine gatnaşyjylar Türkmenistanyň Döwlet medeni merkeziniň Döwlet muzeýiniň şahamçasynda döwletimiziň parahatçylyk söýüjilikli ýörelgeleriniň taryhy sahypalary bilen ýakyndan tanyşdylar. Bu gezelenç geljekki mugallymlar üçin diňe bir nazary bilim däl, eýsem uly watançylyk dersi boldy. Çärä gatnaşyjylar bu täsirli pursatlary synlamagyň taryhy mirasa bolan hormatyny has-da artdyrýandygy barada öz ýürek buýsançlaryny beýan etdiler we Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşly sözlerini aýtdylar.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: Bitaraplyk muzeýine gezelenç …

Metbugat gullugy