— Atamyň, enemiň käri mugallym bolansoň, kiçilikden şu ugry saýlap almak arzuwymdy. Geljekde bu hünär boýunça zähmet çekmeli diýen maksadym, bu günki günde ussat mugallym Berdimuhamet Annaýewiň adyny uly buýsanç bilen göterýän Arkadag şäherindäki mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebine getirdi. Nesip bolsa, saýlan hünärim boýunça bilim alyp, ýurdumyzda ýaş nesliň ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, sagdyn düşünjeli bolup ýetişmeginde öz mynasyp goşandymyzy goşarys diýip ynandyrýaryn. Okap bilim almagymyz üçin döwrebap mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize çäksiz alkyş aýdýarys!
Züleýha ALLAMYRADOWA,
Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher
mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň
mekdebe çenli bilim we terbiýe hünäriniň 1-nji ýyl talyby
Maglumatlar şu salgydan alyndy: BIZEM TALYP BOLDUK!