Döredijilik duşuşygy

Image description

2026-njy “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan bedew batly at myradyň mekany” ýylynyň 15-nji maýynda Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebinde “Arkadag” gazetiniň baş redaktory Guwanç Mämiýew bilen Türkmenistanyň hormatly il ýaşulusy, ýazyjy, “Biznes reklama” gazetiniň redaktory Gurbannazar Orazgulyýewiň gatnaşmaklarynda döredijilik duşuşygy geçirildi.

Myhmanlar orta hünär okuw mekdebinde döredilen Berdimuhamet Annaýewiň adyny uly buýsanç bilen göterýän muzeý hem-de ähli amatlyklary bolan, okuw otaglary bilen tanyşdyryldy.

Bu döredijilik duşuşygy orta hünär okuw mekdebinde zähmet çekýän mugallymlaryň şeýle-de, talyp ýaşlaryň durmuşynda ýatdan çykmajak ýatlamalar galdyrdy.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: Döredijilik duşuşygy

Metbugat gullugy