“Garaşsyz Diýara Täze ýyl geldi!” atly  aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi

Image description

2025-nji ýylyň 23-nji dekabrynda Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebi Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli Bagt köşgi toý mekanynda “Garaşsyz Diýara Täze ýyl geldi!” atly  aýdym-sazly baýramçylyk dabarasyny geçirdi.

     Dabaranyň dowamynda  talyp ýaşlaryň Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň ösüşlerini, ata Watanymyzy, ajaýyp zamanamyzy, Täze ýyly wasp edip, türkmen we iňlis dillerinde ýerine ýetiren aýdym-sazlary, joşgunly tanslary, folklor çykyşlary dabara gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy, talyplary täze üstünliklere ruhlandyrdy.

   Goý, Täze ýyl her bir türkmen maşgalasyna, her bir türkmen ojagyna rysgal-bereket, bagt, döwlet getirsin! Täze ýylyňyz gutly bolsun, mähriban ildeşler!

Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Garaşsyz Diýara Täze …

Metbugat gullugy