Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebinde 2025-nji ýylyň 11-nji ýanwarynda täze 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýip atlandyrylmagy mynasybetli “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly – beýik ösüşlere badalga” ady bilen Türkmenistanyň Gahrymany, Türkmenistanyň halk suratkeşi Saragt Babaýewiň, Türkmenistanyň halk ýazyjysy, “Garagum” žurnalynyň bölüm müdiri Orazguly Annaýewiň gatnaşmagynda Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň we “Arkadag” gazetiniň redaksiýasynyň bilelikde gurnamagynda döredijilik duşuşygy geçirildi. Bu duşuşugy “Arkadag” gazetiniň baş redaktory Guwanç Mämiýew alyp bardy. Döredijilik duşuşygyň başynda halypa heýkeltaraş Saragt Babaýew “Magtymguly Pyragy” medeni-seýilgäh toplumynda ýerleşdirilen 60 metrlik Magtymguly Pyragynyň beýik heýkeli, onuň ýerine ýetiriliş yzygiderligi barada gyzykly gürrüňler berdi. Şeýle-de bu medeni-seýilgäh toplumynda ýerleşdirilen dünýäniň dostlukly ýurtlarynyň meşhur ýazyjy-şahyrlarynyň 24-siniň heýkel eserleriň keşpleri dogrusynda birnäçe maglumatlary aýdyp berdi. Soňra Türkmenistanyň halk ýazyjysy Orazguly Annaýew birnäçe ýyllaryň dowamynda toplan tejribesi, şygryýet äleminde ýazan şygyrlary, täze ýylyň şygarynyň ähmiýeti barada giňişleýin gürrüň berdi. Döredijilik duşuşugynyň dowamynda mekdebiň direktory Aýjahan Babaýewa we mekdebiň II ýyl talyby Ogulbossan Dowlatowa hem täze ýylyň şygary, nyşany, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň täze ýylyň öňüsyrasynda halkymyza peşgeş beren “Magtymguly – dünýäniň akyldary” atly ajaýyp kitaby, mugallymçylyk käriniň mukaddesligi, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe okamaga, döretmäge, öwrenmäge döredilýän giň mümkinçilikler dogrusynda buýsançly çykyşlary etdiler. Döredijilik duşuşygynyň dowamynda mekdebimiziň “Arkadagly ýaşlar” döredijilik toparynyň ýerine ýetirmeginde ata Watanymyzy, buýsançly döwrümizi wasp edýän birnäçe aýdymlaryň ýaňlanmagy duşuşygyň täsirini has-da artdyrdy. Duşuşyga gatnaşyjylar parahatçylyk mekany bolan ata Watanymyzy belent ösüşlerden ösüşlere alyp barýan Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çyn ýürekden çykýan alkyşly sözlerini aýtdylar.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Halkara parahatçylyk we …