Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebinde 2025-nji ýylyň 6-njy oktýabrynda “Hatyra güni” mynasybetli “Pederleriň ruhuna tagzym” atly çäre geçirildi. Arkadag şäheriniň il sylagly ýaşulularynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň, bilim ojaklarynda zähmet çekýän mugallymlaryň, ylym-bilim alýan talyp ýaşlaryň, mekdep okuwçylarynyň gatnaşmagynda geçirilen bu çäräniň barşynda okuw binasynyň girelgesinde ýerleşdirilen halypa mugallym, watançy esger, ilhalar ynsan Berdimuhamet Annaýewiň heýkeline gül desseleri goýlup, onuň ömür we zähmet ýoluna degişli gymmatlyklary özünde saklaýan muzeýe gezelenç edildi.
Şeýle-de mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebinde bilim alýan talyp ýaşlary we mugallymlary bilen bilelikde “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumyna gezelenç gurnaldy. Täsirli geçen gezelenjiň dowamynda mugallymlar talyp ýaşlara taryhda Watan goragynda wepat bolan gahrymanlarymyz, şeýle hem 1948-nji ýylyň 6-njy oktýabryndaky Aşgabat ýer titremesinde şehit bolan watandaşlarymyz barada taryhy maglumatlary gürrüň berdiler. Watanymyzyň asudalygy, halkymyzyň agzybirligi ugrunda janyny gurban edip, bizi şeýle eşretli durmuşa ýetiren beýik şahsyýetlerimiziň ýadygärliklerini synlamak, olaryň geçen şöhratly we gahrymançylykly ýollary baradaky gyzykly maglumatlary diňlemek talyp ýaşlarda uly täsir galdyrdy. Ýaşlarda ata Watanymyza hem-de baky gahrymanlarymyza bolan buýsanjy, watansöýüjilik, ruhubelentlik ýaly asylly häsiýetleriň kemala gelmeginde bu gezelenç örän ähmiýete eýe boldy. Gezelenjiň dowamynda talyp ýaşlar Watan gahrymanlarymyzy sarpalamaga we olaryň şöhratly edermenliklerini çuňňur öwrenmäge döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: Hatyra güni