2026-njy ýylyň 14-nji maýynda Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebi bilen Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň bilelikde gurnamagynda mekdebiň başlangyç synplarda okatmak hünäriniň 2-nji ýyl talyplarynyň arasynda “Iň gowy pedagogik gural” atly bäsleşik geçirildi. Bu bäsleşik talyplaryň döredijilik ukybyny, başlangyç synplarda okatmagyň usulyýeti bilen baglanyşykly maglumatlary özleşdiriş derejesini ýüze çykarmak we häzirki zaman okuw serişdelerini taýýarlamakda tejribe alyşmak maksady bn guraldy. Bäsleşige gatnaşýan talyplar umumybilim berýän orta mekdepleriň başlangyç synp okuw meýilnamasy esasynda ene dili we türkmen dili dersleri üçin niýetlenen didaktiki oýunlary, ýumuşlar toplumyny hem-de görkezme esbaplary taýýarladylar. Ýasan gurallarynyň ady we maksady, onuň sapagyň haýsy döwründe ulanylýandygy, nähili işleýändigi, çaganyň haýsy ukyplaryny ösdürmekde peýdalydygyny aýdyp çykyş etdiler.
Bäsleşikde tapawutlanan talyplar emin-agzalary tarapyndan mynasyp bahalandyrylyp, I, II, III orunlara mynasyp bolan talyplar Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy tarapyndan sowgatlar we Hormat hatlary bilen sylaglanyldy.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Iň gowy pedagogik …