Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebinde 2026-njy ýylyň fewral aýynyň 09-14-i aralygynda matematika we informatika dersleri boýunça hepdelik geçirildi.
“Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylymyzyň ilkinji aýlarynda talyplaryň matematika we informatika dersleri boýunça bilimlerini çuňlaşdyrmak, olaryň logiki we döredijilikli pikirlenmesini ösdürmek, şeýle hem geljekki mugallymlar hökmünde matematiki bilimleri okuwçylara gyzykly we düşnükli usullar bilen ýetirmegiň tejribesini kämilleşdirmek maksady bilen fewral aýynyň 09-14-i aralygynda mugallymçylyk mekdebimizde matematika we informatika dersleri boýunça hepdelik geçirildi. 09.02.2026 senede hepdeligiň açylyş dabarasy boldy. Hepdäniň dowamynda talyplaryň gatnaşmagynda Gahryman Arkadagymyzyň “Älem içre at gezer” atly eserinden sahnalaşdyrylan bir parça hem-de matematika we informatika dersleri bilen baglanyşykly, şeýle-de Watanymyzyň ösüşlerini wasp edýän aýdym we goşgy ýerine ýetirildi. Şeýle hem talyplaryň arasynda “El hünäri il gezer” atly matematika we informatika derslerine degişli maketleriň sergisini guramak, “Çarhy pelek” oýny, “Klawiatura türgeni” oýny, “Ludo ussady” atly ludo oýunlary, “Çalt hasap, çalt jogap” atly natural sanlary ýatdan hasaplamak, “Matematiki Breýn-Ring”, “Termin” hem-de “Rubigiň kubigini ýygnamak” ýaly bäsleşikler geçirildi.
Fewral aýynyň 14-ine hepdeligiň ýapylyş dabarasy geçirilip, hepdäniň dowamynda has işjeňlik görkezen hem-de bäsleşiklerde ýeňiji bolan talyplara ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: Matematika we informatika …