2025-nji ýylyň 29-njy oktýabrynda mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebimizde ýurdumyzda zenan edebi, çaga terbiýesi, maşgala mukaddesligi, milli el işlerimiz barada “ Zenan-zemin gözelligi ” atly söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşlige Arkadag şäheriniň iňlis diline ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdebiniň mugallymy, “Zenan kalby” ordeniniň eýesi kümüş saçly enemiz Akmyradowa Gurbanbibi, şeýle-de mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebimiziň mugallymlary, eli çeper gyzlarymyz gatnaşdy. Söhbetdeşligiň dowamynda pähimdar halkymyzyň ene-mamalarymyza, gelin-gyzlarymyza goýýan hormaty, edep-terbiýesi, zenan edebi, çaga terbiýesi, maşgala mukaddesligi, milli el-işlerimiz, keşdeçilik sungaty, geýinmegiň edebi barada gürrüň edildi.
Söhbetdeşlige gatnaşyjylar çäräniň ahyrynda ýurdumyzda zenan mertebesine uly hormat goýýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: Mugallymçylyk orta hünär …