Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň we Türkmenistanyň Milli Bilim institutynyň bilelikde guramagynda 2025-nji ýylyň maý aýynyň 20-sine Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde tomusky tejribeligi geçjek talyplary bilen “Çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde okuw terbiýeçilik işiniň ýola goýluşy” atly okuw-usuly maslahat geçirildi.
2025-nji ýylyň maý aýynyň 20-sine Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň mejlisler zalynda çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde tomusky tejribeligi geçjek II ýyl talyplar bilen Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň, Arkadag şäheriniň Polisiýa müdirliginiň Ýangyn howpsuzlygy bölüminiň, Arkadag şäher raýat goranyş we halas ediş müdirliginiň, Arkadag şäheriniň Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň hünärmenleriniň gatnaşmaklarynda “Çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde okuw terbiýeçilik işiniň ýola goýluşy” atly okuw-usuly maslahat geçirildi. Okuw-usuly maslahatda çykyş edenler Hormatly Prezidentimiziň bilim özgertmelerine laýyklykda çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezleriniň işlerini döwrebap guramagyň psihologik-pedagogik talaplary, çagalaryň oňat dynç almaklary we wagtlaryny bisarpa tutmazlygy üçin dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde her dürli medeni-köpçülikleýin we sport çärelerini geçirmegiň usullary, talyplara dynç alýan çagalar bilen özüňi alyp barmak, olar bilen işlemegiň görnüşleri, çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde ýangyn howpsuzlygyň düzgünlerini berjaý etmegiň, raýat goranyşy öwretmegiň hem-de sanitar-gigiýeniki talaplary berjaý etmegiň düzgünleri barada aýdyp geçdiler.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: Mugallymçylyk orta hünär …