“New year new English adventures” atly iňlis dili hepdeligi geçirildi.

Image description

2025-nji ýylyň 22-27-nji dekabry aralygynda Arkadag şäheriniň Berdimuhamet Annaýew adyndaky mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebinde “New year new English adventures” atly iňlis dili hepdeligi geçirildi.

     Hepdeligiň dowamynda talyplaryň daşary ýurt dilleri boýunça bilimlerini artdyrmak we gepleýiş ukyplaryny ösdürmek maksady bilen birnäçe çäreler, bäsleşikler, maslahatlar we duşuşyklar geçirildi. Hepdeligiň açylyş dabarasynda ähli toparlaryň gatnaşmagynda iňlis diline bagyşlanan çykyşlar görkezildi.

Hepdeligiň ikinji gününde Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň we ýurdumyzyň mugallymçylyk orta hünär okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarynyň gatnaşmagynda daşary ýurt dillerini okatmagyň häzirki zaman kämil usullaryna bagyşlanan sanly ugam arkaly ylmy-amaly maslahaty geçirildi.

Hepdeligiň dowamynda talyplar tarapyndan taýýarlanan baýramçylyk konserti tomaşaçylarda uly täsir galdyrdy. Şeýle hem, öwrenilýän daşary ýurt diline degişli ýurtlaryň gözel ýerleri, bilim ulgamy, medeniýeti, sungaty, ýazyjy-şahyrlary we durmuşy baradaky talyplaryň işleriniň sergisi guraldy. Mundan başga-da, toparlar iňlis dillinde gepleýän ýurtlaryň medeniýetini we däp-dessurlaryny açyp görkezýän tagamlarynyň sergisini taýýarladylar.

Hepdeligiň dowamynda daşary ýurt dili mugallymlary tarapyndan göreldeli sapaklar geçirildi. Mekdebiň ýolbaşçylary we mugallymlary bu sapaklara gatnaşyp, mugallymlaryň üstünlikleri barada aýtdylar we usuly maslahatlary berdiler. Hepdeligiň ýapylyş dabarasynda aýdym-sazly çykyşlar görkezildi we

Maglumatlar şu salgydan alyndy: “New year new …

Metbugat gullugy