2026-njy ýylyň mart aýynyň 2-7-si aralygynda “Ene-dilim guwanjym, edebiýat-hazyna genjim” ady bilen pedagogika, psihologiýa, türkmen dili we edebiýaty dersleri boýunça hepdelik geçirildi. Hepdeligiň açylyş dabarasynda Watanymyzy, bahar paslyny wasp edýän edebi-sazly çykyşlar ýerine ýetirildi. Hepdeligiň dowamynda döredijilik duşuşyklar, edebi agşamlar, matal, ýaňyltmaç aýdyşmak bäsleşikleri, türkmen dilinden we edebiýatdan, pedagogikadan we psihologiýadan soraglara çalt jogap bermek, enelerimizi we ejelerimizi wasp edýän goşgy, hekaýa, oýlanma düzmek bäsleşikleri geçirildi. Şeýle hem “Ganatymyz-bedew, kuwwatymyz-kitap” atly çeper eser okamak boýunça döredijilik bäsleşigi, “Akyl-parasat ýolunda nurly geljege tarap” ady bilen brain-ring zehin bäsleşigi, “Halkara zenanlar güni” mynasybetli baýramçylyk konserti geçirildi. Hepdeligiň dowamynda okuw-usuly birleşmäniň mugallymlary birnäçe göreldeli sapaklary taýýarladylar. Hepdeligiň ýapylyş dabarasynda hepdäniň dowamynda has işjeňlik görkezen talyplary we ýeňiji bolan toparlary hormat hatlary we sowgatlar bilen sylaglamak dabarasy boldy.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: Pedagogika, psihologiýa, türkmen …