“Şadyýan zehinler” atly daşary ýurt dillerinde bäsleşik geçirildi

Image description

2026-njy ýylyň maý aýynyň 22-sine Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň gurnamagy esasynda Arkadag şäheriniň orta mekdepleriň okuwçylarynyň arasynda “Şadyýan zehinler” atly daşary ýurt dillerinde bäsleşik geçirildi. Bäsleşik okuwçylaryň iňlis we rus dillerinde sözleýiş we ýazuw endiklerini, pikirleniş ukyplaryny ýokarlandyrmak, olaryň daşary ýurt dillerine bolan höwesini artdyrmak, mekdepleriň arasynda dostlukly gatnaşygy berkitmek maksady bilen gurnaldy. Bäsleşigiň şerti boýunça okuwçylar özlerini daşary ýurt dilinde tanyşdyryp, suratly tapmaça çözmek, Watanymyzy daşary ýurt dilinde wasp etmek, sözleri harpma-harp aýtmak, daşary ýurt dilinde aýdym aýtmak ýaly ýumuşlary ýerine ýetirdiler. Eminn agzalaryň kararlaryna görä ýeňiji bolan toparlar hormat haty we ýadygärlik sowgatlar bilen sylaglandylar.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Şadyýan zehinler” atly …

Metbugat gullugy