“Şanly ýylyň älem içre bekäni, Garaşsyz , baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” atly döredijilik duşuşygy geçirildi

Image description

     2026-njy ýylyň 10-njy ýanwarynda Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebimizde “Şanly ýylyň älem içre bekäni, Garaşsyz , baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” atly döredijilik duşuşygy geçirildi. Bu döredijilik duşuşyga “Arkadag” gazetiniň baş redaktory Guwanç Mämiýew, “Dünýä edebiýaty” žurnalynyň baş redaktory, žurnalist, terjimeçi Rahmet Gylyjow, “Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň Atçylyk ylmy-önümçilik merkeziniň alym-kätibi Rahman Abaýew gatnaşdylar. Duşuşygyň dowamynda şu ýyla dakylan şygarymyzyň many-mazmuny, ýurdumyzda bedew atlarymyza goýulýan sarpa barada täsirli gürrüňler edildi.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Şanly ýylyň älem …

Metbugat gullugy