“Taryh – halkyň hakydasy” ady bilen taryh, geografiýa we jemgyýetçilik ylymlary dersleri boýunça hepdelik geçirildi.

Image description

Şanly Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk baýramçylygyna gabatlap mugallymçylyk mekdebimizde talyplaryň aňynda we kalbynda ata Watanymyza bolan söýgini artdyrmak, taryhymyza we mukaddes topragymyza bolan buýsanç duýgusyny döretmek maksady bilen “Taryh-halkyň hakydasy” atly taryh, geografiýa we jemgyýetçilik ylymlary dersleri boýunça hepdelik geçirildi. Hepdäniň dowamynda talyplaryň ýerine ýetirmeginde taryh, geografiýa we ekologiýa derslerini wasp edýän goşgular, aýdymlar ýerine ýetirildi. “Adam eli gyzyl gül” atly ösümliklerden önüm ýasamak, “Seniň nusgalyk taryhy şahsyýetiň kim?” atly bäsleşik we “Türkmen Bitaraplygy – dünýäde parahatçylygyň binýady” atly brifing duşuşygy geçirildi. Bu duşuşyk Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň bölüm müdiri bilen bilelikde geçirilip “Arkadag”  teleýaýlymy tarapyndan ýazgy edildi.

     Dekabr aýynyň 20-sine hepdeligiň ýapylyş dabarasy geçirilip, “Türkmenistan-  mukaddes Watan” atly tema boýunça çykyş edildi we bäsleşiklerde ýeňiji bolan hem-de işjeň gatnaşan talyplara ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

 

Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Taryh – halkyň …

Metbugat gullugy