Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ylymly-bilimli, berkarar Watanymyzy has hem beýgeltmäge ukyply hakyky watansöýüji ýaş nesilleri terbiýeläp ýetişdirmekde alnyp barylýan işlerde sportuň hem uly orny bardyr.
Türkmenistanyň Prezidentiniň 2009-njy ýylyň 12-nji noýabryndaky 10698 belgili karary esasynda Türkmenistanyň orta hünär we başlangyç hünär okuw mekdepleriniň talyp ýaşlarynyň arasynda “Türkmenistan – ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy” atly Spartakiada ýaryşlarynyň geçirilip başlanmagy, ýurdumyzyň sport abraýynyň ýokary göterilmegine öz mynasyp goşandyny goşýar.
Sportuň giňden ýaýran görnüşlerini has-da ösdürmek, sagdyn, ruhubelent türgenleri ýetişdirmek we güýçli sportsmenleri ýüze çykarmak maksady bilen, ýurdumyzyň hünär-tehniki we orta hünär okuw mekdepleriniň talyp ýaşlarynyň arasynda sportuň dürli görnüşleri boýunça sport ýaryşlary yzygiderli geçirilip gelinýär.
2023-2024-nji okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli XIII Spartakiadany geçirmeklige Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti we Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalary tarapyndan badalga berildi. Şeýlelikde sportuň 13 görnüşi boýunça bäsleşikler geçirilip, Paýtagtymyzyň dürli sport meýdançalarynda örän gyzykly hem çekeleşikli alnyp baryldy.
“Pähim paýhas ummany – Magtymguly Pyragy” ýylynda 2024-nji ýylyň 4-nji maýynda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sportuň olimpiýa görnüşleri fakultetiniň köpugurly sport toplumynda Türkmenistanyň hünär-tehniki we orta hünär okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda “Türkmenistan – ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy” atly XIII Spartakiadanyň ýapylyş dabarasynda Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň ýygyndy topary I orna mynasyp bolup, özleriniň ýokary sport ussatlyklaryny görkezmekligi başardylar. Ýeňijilere gymmat bahaly sowgatlar, kubokdyr-medallar we hormat hatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Bu üstünlikleriň ählisi ýaşlarda sport bilen meşgullanmaga, olaryň dürli sport çärelerine gatnaşyp, özleriniň başarjaňlyklaryny görkezmäge giň ýol açan, sport ulgamynyň ösüşini belentliklere tarap alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesidir.
Bilim ulgamynda dünýä derejesindäki ösüşlere mümkinçilikleriň giň ýoluny açyp beren, ýurdumyzy ösüşiň täze belentliklerine tarap alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolsun!
Begmyrat Baýdurdyýew
Berdimuhamet Annaýew adyndaky
Arkadag şäher mugallymçylyk orta
hünär okuw mekdebiniň instruktory
Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Türkmenistan – ruhubelentligiň …