2025-nji ýylyň 1-nji oktýabrynda Arkadag şäheriniň häkimliginiň we Arkadag şäheriniň jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde gurnamagynda Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebinde ýaşulularyň Halkara güni mynasybetli ýaşululary sylaglamak dabarasy geçirildi.
Dabaranyň dowamynda çärä gatnaşyjylar Halkara ýaşulular gününiň dabaraly ýagdaýda bellenilip geçilýändigi dogrusynda gutlag sözlerini beýan etdiler. Hormatly Il ýaşululara, kümüş saçly enelere baýramçylyk mynasybetli jemgyýetçilik guramalary tarapyndan ýadygärlik sowgatlar gowşuruldy. Talyp ýaşlaryň ýerine ýetirmeklerinde Watanymyzy, Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy wasp edýän birnäçe aýdymlar diňlenildi.
Dabara gatnaşyjylar çäräniň ahyrynda ýurdumyzda ýaşuly nesle goýulýan hormat-sarpa, olara berilýän mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş sözlerini aýtdylar.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: Ýaşulularyň Halkara güni …