“Ýazuw milli baýlygymyz” atly dürs ýazuw dersinden döredijilik bäsleşigi geçirildi

Image description

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy  döwründe Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ähli ulgamlarda giň möçberli maksatnamalar, döwrebap taslamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Milli medeniýetimizi, sungatymyzy ösdürmek, döwrebap kämil eserleri döretmek ugrunda ähli zerur şertler döredilýär. Hormatly Prezidentimiziň bu asylly ýörelgelerinden ugur alyp, 2025-nji ýylyň 2-nji dekabrynda Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebinde halkymyzyň baýlygy bolan gadymyýetden gözbaş alyp gaýdýan milli elipbiýimiziň taryhy ösüşini beýan etmek, talyplaryň döredijilik ukyp- -başarnyklaryny açyp görkezmek maksady bilen çeper höwesjeň I ýyl talyplaryň arasynda “Ýazuw milli baýlygymyz” atly dürs ýazuw dersinden döredijilik bäsleşigi geçirildi.

Bäsleşikde oňat netije gazanan talyplar Hormat hatlary bilen sylaglandy.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Ýazuw milli baýlygymyz” …

Metbugat gullugy